Turkmenportal logo
09.06.22
1337713377
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi.


Hassahananyň kabul ediş bölüminde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde işleýän lukmandan bölümlerde işgärleriň netijeli işlemegi we näsaglar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle hem bu lukmançylyk edarasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy. Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ene-atalary bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi hem-de bejeriş işleriniň netijeleri barada sorady.


Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly hassahanada bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletiň geljekde hem hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.