Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentine gutlag hatyny ýollady

10:2909.06.2022
0
3311

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, türkmen Lideri deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň çäklerinde açyk syýasy dialogyň ýola goýlandygyny, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylandygyny nygtap, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Italiýanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň