Soňky habarlar

Arhiw

Perunyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022 üçin aziýaly garşydaşy Awstraliýa boldy

11:4608.06.2022
0
4776

Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýanyň futbol konfederasiýasy boýunça jemleýji saýlama duşuşygynda Awstraliýanyň ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Bu ýygyndylaryň ikisi hem üçünji saýlama tapgyrynda toparçalarda üçünji orny eýeledi. Iki ýygyndynyň arasyndaky özara duşuşygyň ýeňijisi bolsa Günora Amerikanyň wekili bilen duşuşar.

Düýn ― 7-nji iýunda Katarda geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. 53-nji minutda Awstraliýa Irwin bilen öňe saýlanan hem bolsa, BAE 4 minut soňra Kanedo Korreanyň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. Awstraliýanyň ýeňiş pökgüsini 84-nji minutda Hrustiç geçirdi.

Şeýlelikde, Awstraliýa mundiala ýollanma almak üçin 13-nji iýunda Perunyň ýygyndysy bilen duşuşar. Şol gün Täze Zelandiýanyň we Kosta-Rikanyň ýygyndylarynyň arasynda hem saýlama duşuşyk geçiriler.

Eger Awstraliýa Perudan üstün çykyp bilse, dünýä çempionatynda Fransiýa, Daniýa we Tunis bilen bir toparçada ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň