Soňky habarlar

Arhiw

«Rolan Garrosdaky» üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi

17:2506.06.2022
0
718

Fransiýanyň kortlarynda iki hepdeläp dowam eden «Rolan Garros» ýaryşyndan soň ATP täzelenen reýting sanawyny paýlaşdy.

Onuň ilkinji 10 basgançagynda bir topar özgerişlikler göze ilýär. Olaryň iň esasylarynyň biri hem 14-nji «Rolan Garrosyny» gazanan ispaniýaly tennisçi Rafael Nadalyň bir basgançak ýokary göterilip, dördünji orna çykmagydyr. Ýaryşyň finalçysy Kasper Ruud bolsa reýtinge Nadaldan hem gowy netije görkezip, sekizinjilikden altynjy basgançaga çenli ýokarlandy. Sanawyň başyny heniz hem serbiýaly ýyldyz Nowak Jokowiç çekýär.

Ine, şu günki ― 6-njy iýundaky ýagdaýa görä reýting sanawy:

1 (1) Nowak Jokowiç (Serbiýa) ― 8770;

2 (2) Daniil Medwedew (Russiýa) ― 8160;

3 (3) Aleksandr Zwerew (Germaniýa) ― 7795;

4 (5) Rafael Nadal (Ispaniýa) ― 7525;

5 (4) Stefanos Sisipas (Gresiýa) ― 6100;

6 (8) Kasper Ruud (Norwegiýa) ― 5050;

7 (6) Karlos Alkaras (Ispaniýa) ― 5005;

8 (7) Andreý Rublýow (Russiýa) ― 4260;

9 (9) Feliks Ože-Alýassim (Kanada) ― 3955;

10 (10) Matteo Berrettini (Italiýa) ― 3805.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň