Turkmenportal logo
06.06.22
60026002
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguzda ulag we kommunikasiýa işgärleri üçin 12 sany ýaşaýyş jaýy gurlar
Daşoguzda ulag we kommunikasiýa işgärleri üçin 12 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Daşoguz şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin dört gatly, otuz iki öýli dört sany hem-de dört gatly, ýigrimi dört öýli sekiz sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşigiň başlanandygyny habar berýär.


«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 15-nji iýulyna çenli kabul edilýär.


Belläp geçsek, mundan ozal Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berlipdi.


  • Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
  • Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.