Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellenildi

15:0801.06.2022
0
8679

Türkmenabatly çagalar «Köýten» söwda we dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününi bellediler. Çagalaryň baýramçylyk dabarasyny «Zehin ýoly» okuw merkezi gurady.

Merkeziň hünärmenleri çagalar üçin dürli görnüşli oýunlary, sport ýaryşlaryny, milli tanslary, dünýä halklarynyň birnäçe dillerine aýdymlaryny taýýarladylar. Dabara gatnaşyjylar goşgyny labyzly okamak, nakyllary aýtmak ýaly birnäçe ugurlar boýunça täsirli çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Dabaranyň dowamynda el işleriniň, milli şaý-sepleriň, nakgaş eserleriniň görkezildi. Bu bolsa Lebap welaýatynyň dürli künjeklerinden ökde hünärmenler tarapyndan nepis işleriň taýýarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ussat artistler, türkmen halk ertekileriniň baş gahrymanlarynyň lybaslarynda çykyş edýän wäşileriň hem çykyşlary görkezildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalar we beýleki gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň