Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda biologik serişdeleri ulanyşa girizmäge gönükdirilen ylmy-gözleg işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

10:1601.06.2022
0
2643
Aşgabatda biologik serişdeleri  ulanyşa girizmäge gönükdirilen ylmy-gözleg işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine tabyn bolan Maldarçylyk we weterinariýa Ylmy-önümçilik merkezine bagyşlanan ylmy duşuşyk geçirildi. Onuň gün tertibiniň dowamynda, merkeziň «Epizootologiýa» barlaghanasynda oba hojalyk mallarynyň ýokanç kesellerini anyklamak we öňüni almak, işläp döredilen weterinar biologik serişdeleri ulanyşa girizmäge gönükdirilen ylmy-gözleg işiniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web-saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyga Merkeziň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, beýleki ýokaryokuw mekdepleriň mugallymlarydyr talyplary, telekeçi maldarlar, maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalaryň hünärmenleri, şeýle hem bu tema bilen gyzyklanýan beýleki adamlar gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň dykgatyna ýokanç keselleriň öňüni alyp, mallary goramak üçin Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň alymlarynyň döreden we önümçilige girizilen biologik serişdeleri hem-de häzirki döwürde işlenip taýýarlanýan sanjymlar hödürlendi.

Çykyşlarda Merkeziň barlaghanalaryndan alnan we maldarçylykda giňişleýin ulanylyp, mallardaky brusellýoza keseliniň öňüni alýan alty sany biologik serişde jikme-jik häsiýetlendirildi. Goýun-geçileriň, düýeleriň, gara mallaryň brusellýoza keseline garşy durup bilmekleri üçin dermanlaryň, şeýle hem keseli anyklamak üçin ýurdumyzda öndürilen antigenleriň halkara standartlaryna doly laýyk gelýändigi we hili boýunça daşary ýurtda öndürilrnlerden pes däldigi bellendi. Mundan başga-da ýerli biologik serişdeleri ulanmak oba hojalyk işgärleriniň çykdajylaryny esli azaltmaga mümkinçilik berip, maldarçylyk hojalyklaryny öz wagtynda weterinar önümleri bilen zerur mukdarda üpjün etmäge ýardam edýär. Ähli oňyn taraplary bilen birlikde, hünärmenler bu babatda import önümlerini ýerli önümlere çalyşmak boýunça döwlet wezipelerini çözmegiň çägindäki ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda Merkeziň hünärmenleri derman serişdeleriniň görnüşini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen biologik serişdeleri taýýarlamagyň tehnologiýasyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler barada habar berdiler. Bu gözlegleriň netijesinde «Epizootologiýa» barlaghanasynyň alymlary tarapyndan ýokanç kesel — Sibir başyny anyklamaga degişli ýene iki görnüşli biologik serişde tapylyp, önümçilige teklip edildi. Bu serişdeler hil ülňüler barlagyndan üstünlikli geçdiler we «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan tassyklandy.

Häzirki döwürde alymlaryň ýolbaşçylygy astynda barlaghanada mallaryň Sibir başyna garşy kapsulasyz sporal sanjymynyň üstünde işlenýär we synagdan geçirilýär.

Tanyşdyrlyşyň çäginde Merkeziň wekilleriniň diňleýjilere geljekki meýilnamalar barada beren maglumatlaryna görä — weterinariýa bölüminiň alymlary mallary ýokanç we zäherlenme kesellerden goramak babatda ýerli çig mal esasynda mal lukmançylygyna zerur bolan birnäçe biologik hem başga-da birnäçe dermanlyk serşdelerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Çykyşlaryň jeminde S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň alyp barýan işlerine talyplaryň köpçülikleýin çekmekligi uniwersitetiň Ylmy-önümçilik merkeziniň ýene bir oňyn tarapydygy bellenildi. Merkeziň wekilleri ýokary derejeli geljekki hünärmenleri taýýarlamak işine öz goşantlaryny goşmak bilen, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegi üçin uly hyjuw bilen ýaşlaryň mugallymlary we halypalary hökmünde çykyş edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň