Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Çagalar — durmuşyň gülleri» atly tans festiwaly geçirildi

15:4531.05.2022
0
7321
Aşgabatda «Çagalar — durmuşyň gülleri» atly tans festiwaly geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

«Watan» kinokonsert merkezinde çagalaryň we ýetginjekleriň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Çagalar — durmuşyň gülleri» atly aýdym-sazly tans çykyşlary geçirildi diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Çagalaryň halkara güni mynasybetli guralan bu tans festiwaly Türkmenistanyň at gazanan artisti, ýokary derejeli «Watan» tans baýragynyň laureaty Ýekaterina Begenjowanyň ýolbaşçylygynda we guramaçylygynda geçdi.

Tans festiwalynyň dowamynda 11 sany tans tälimçileriniň taýýarlamagynda 22 sany tansly çykyş ýerine ýetirildi.

Sahnada görkezilen çykyşlara gatnaşan 320 çaganyň hatarynda 3 ýaşlyja iň kiçi tansçynyň hem bardygyny bellemek gerek. Bu ýerde halk tanslary, breýk, lezginka, mýuzikllerden bölekler ýaly dürli tanslar tomaşaçylara görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar her toparyň çykyşyny elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Dabaradan çykyş edenleriň ählisi baýraklar bilen sylaglandylar. Tans festiwaly Türkmenistanyň Çagalar gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň