Müsüriň hökümeti we “Siemens” german kompaniýasy ýokary tizlikli demir ýoluň 2 müň kilometrini gurmak barada geleşige gol çekdiler. Bu barada ýurduň “Al-Ahram” gazeti habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Ady tutulan nemes konserni bilen Müsüriň АРЕ milli edarasynyň arasyndaky gol çekişlik dabarasyna Respublikanyň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi gatnaşdy. Taslama ýokary tizlikli otlularyň bir bütewi ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Ol üç şahadan ybarat bolup, ilkinjisi Kairden günortalygyna täze edara ediş merkezine çekilýän 660 kilometrlik demir ýol bolup, senagat-logistik zolakdaky Aýna-Sohna portuny hem-de Aleksandriýa, El-Alaýmen we Ortaýer deňzindäki Marsa-Matruh şäherlerini baglanyşdyrar.