Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde iňlis dili boýunça bilim bäsleşigi geçirildi

09:2027.05.2022
0
6810
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde iňlis dili boýunça bilim bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda «Bilim röwşen geljegiň açarydyr» şygar astynda bilim bäsleşigi geçirildi. Ony okuw jaýynyň dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World Club» gurnagynyň agzalary geçirdi.

«Sowal ‒ jogap» oýny görnüşinde gurlan üç tapgyrdan ybarat bilim oýny institutyň dört bölüminde jemlenen talyp toparlarynyň gatnaşmagynda iňlis dilinde geçdi. Ýaryşyň gidişinde talyplaryň daşary ýurt dili we institutda okadylýan beýleki dersler boýunýça bilim derejesine, umumy gözýetimine we sowatlylygyna baha berilýärdi. Bäsleşik meýdançasynda Magtymgulynyň we beýleki şahyrlaryň goşgulary, halk nakyllary we atalar sözleri iňlis dilinde aýdyldy.

Jemleýji tapgyrdan soň eminler netijeleri yglan etdiler. Ýeňiji adyna we birinji ýere Halkara gatnaşyklar bölüminiň topary mynasyp boldy. Ikinji ýer Halkara žurnalistika bölüminiň talyplaryna berildi, üçünji ýeri bolsa Halkara hukuk bölüminiň talyplary gazandylar.

Institutyň «Lingvo World Club» ylmy gurnagy daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly höwes bildirýän talyplaryň halaýan gurnagy. Gurnagyň agzalarynyň gatnaşmagynda kadaly esasda okuw jaýynda we başga ýerlerde ylmy, döredijilik, medeni duşuşyklar, bäsleşikler, çekişmeler we ş.m. çäreler geçirilýär. Döwlet derejesindäki we halkara şanly senelere bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi bu ýerde däbe öwrülipdir. Bu iş geljekki hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, bilimlerini artdyrmaga, hünär dilini özleşdirmäge, öz pikirleriňi sowatly beýan etmek we dünýäniň dürli dillerinde gepleşik alyp barmak başarnygyny emele getirmäge ýardam edýär. Gurnagyň esasy maksady talyplary daşary ýurt dillerini öwrenmäge höweslendirmek hem bu höwesi, olaryň lingwistik endiklerini we ukyplaryny ösdürmekden, halkara gatnaşyklar ugrunda işlejek adamlar üçin dil taýýarlygynyň möhümdigini we ähmiýetlidigini düşündirmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň