Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow düýe çopany bilen çaý başynda söhbetdeş boldy

23:3426.05.2022
0
1673

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna saparynyň çäklerinde welaýatyň Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň düýe çopany Atamyrat Işanberdiýewiň goşuna geldi.

Döwlet Baştutany çopanyň işi, mallarynyň we bu künjegiň öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de maldaryň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Düýe çopany Türkmenistanyň Prezidentine çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini gürrüň berdi hem-de ähli oba zähmetkeşleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini nygtady.

Hormatly Prezident oba zähmetkeşleriniň, şol sanda maldarlaryň durmuş we iş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde alada ediljekdigini belledi we çopana alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik gazanmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň