Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy-2023-däki garşydaşlaryny bildi

12:3926.05.2022
0
5501

Şu gün, 26-njy maýda onlaýn görnüşinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde futzal boýunça Aziýa çempionatynyň final böleginiň bijeleri çekildi.

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysy “B” toparçada Özbegistanyň, Bahreýniň hem-de Täjigistanyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşmaga mümkinçilik aldy.

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň nobatdakysynyň 2022-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan – 8-nji oktýabry aralygynda Kuweýt döwletinde geçirilýändigini ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynda geçirilen saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanypdy.

Merkezi we Günorta sebitinde geçirilen saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň (3:1), Eýranyň (0:3) hem-de Maldiwleriň (7:0) ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşen ýygyndy toparymyz 6 utuk toplap, toparçany ikinji orunda tamamlamagy başarypdy.

Bije çekişligiň netijesi:

“А” toparça: Kuweýt, Yrak, Taýland, Oman.
“B” toparça: Özbegistan, Bahreýn, Täjigistan, TÜRKMENISTAN.
“C” toparça: Eýran, Liwan, Hytaý Taýpeýi, Indoneziýa.
“D” toparça: Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň