«Altyn pökginiň» haçan gowşuryljakdygy belli boldy

17:2425.05.2022
0
6737

«France Football 2022» ýylyň netijelerine görä, iň gowy oýunça «Altyn pökgi» baýragynyň gowşuryljak senesi barada habar berdi.

Neşir baýraga dalaşgär futbolçylaryň sanawyny 12-nji awgustda paýlaşar. 17-nji oktýabrda bolsa baýragyň eýesi mälim bolar.

Öňräk baýragyň Dünýä çempionaty ― 2022-den ozal gowşuryljakdygy barada habar berlen hem bolsa, onuň anyk senesi aýdylmandy.

Bu baýraga 2021-nji ýylda PSŽ-niň argentinaly ýyldyzy Lionel Messiniň mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň