Arhiw

Russiýa GDA agza ýurtlaryň raýatlarynyň pensiýa hukuklaryny kepillendirmek baradaky ylalaşygyndan çykar

14:5325.05.2022
0
27614
Russiýa GDA agza ýurtlaryň raýatlarynyň pensiýa hukuklaryny kepillendirmek baradaky ylalaşygyndan çykar
Surat: duma.gov.ru

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Russiýa GDA agza ýurtlaryň raýatlarynyň pensiýa meselesindäki hukuklaryny kepillendirmek baradaky ylalaşygyndan doly çykar. Rus metbugatynyň habar bermegine görä, halkara resminama Russiýanyň mejlisiniň aşaky palatasy — Döwlet Dumasy tarapyndan 24-nji maýda güýjüni ýitirýär diýlip hasap edildi.

Bellenilişi ýaly, ylalaşygyň bes edilmegi üç ýylyň dowamynda 18 milliard rus rubluny tygşytlamaga ýardam eder.

Russiýa emigrantlara pensiýa tölemek boýunça deňsiz-taýsyz borçnamalary öz içine alýan ylalaşykda göz öňüne tutulan pensiýa töleginiň territorial ýörelgesinden kanagatlanmaýar.

Russiýanyň hökümetiniň «Объясняем.РФ» telegram kanalynda habar berlişi ýaly, ýurduň ylalaşykdan çykmagy Russiýa Federasiýasynyň pensionerleri üçin eýýäm bellenen tölegleriň gözden geçirilmegine täsir edip bilmeýär.

«Döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn şertnama baglaşylyp, her ýurt raýat üçin öz ýurdunda işlän iş tejribesine laýyklykda pensiýa tölegini tölär. Häzirki pensiýa alýanlar üçin bolsa hiç bir üýtgeşme bolmaýar, Russiýanyň bu ylalaşykdan çykmagy eýýäm kesgitlenen pensiýalar üçin täsirini ýetirip bilmeýär» – diýlip, habarda beýan edilýär.

Türkmenistan öz nobatynda bu ylalaşygyň agzasy bolup, ol 1992-nji ýylyň 13-nji martynda güýje girendir. Onda raýatlaryň sowet döwründe girizilen pensiýa hukuklaryny goramak nazarda tutulýar. GDA-nyň agza döwletleriniň raýatlary üçin pensiýa üpjünçiligi ýaşaýan döwletiniň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar, pensiýa hukugy kesgitlenende bu döwletleriň islendik biriniň, şeýle-de ozalky SSSR-iň çäginde işlenilýän möhletiň dowamlylygy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bu ylalaşygyň gatnaşyjy döwletlerine Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Moldowa Respublikasy, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan hem-de Ukraina degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň