Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply ýüpekçi 610 kilogram pile tabşyrdy we welaýatda yglan edilen zähmet bäsleşiginiň beýleki ýeňijileri barada

11:5024.05.2022
0
1110

Halaç etrabynyň Halaç şäherinden Begenç Çaryýew şu ýyl 162 gram ýüpek gurçugyny idedip, ol şonça gurçukdan 610 kilogram pile tabşyrdy ―diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Munuň özi Lebap welaýatynda iň ýokary görkezijidir.

Neşirde ýazylyşy ýaly, düýn welaýat häkimligi tarapyndan öňdebaryjy ýüpekçileriň zähmetini höweslendirmek bilen baglanyşykly guralan «Ussat pileçi» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň şertlerine görä, ýeňijiler meýilnamalaryny ilkinji bolup ýerine ýetirişleri we gazanan ýokary netijeleri boýunça kesgitlenildi.

Bäsleşigiň birinji şertine görä, welaýatda ilkinji bolup pile tabşyrmak boýunça meýilnamasyny ýerine ýetiren Kerki etrabynyň ýüpekçileri birinji orna mynasyp boldular. Degişlilikde Hojambaz hem-de Halaç etraplarynyň ýüpekçileri ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda pile tabşyrmakda pellehana ilkinji bolup gelen Halaç etrabynyň «Rahmançäge» daýhan birleşigine birinji orun berildi.

Meýilnamalaryny üstünlikli berjaý eden Köýtendag etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşigi ikinji, Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşigi üçünji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşigiň şertleri boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny welaýatyň ýüpekçileriniň arasynda ilkinji bolup ýerine ýetiren Kerki etrabynyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sabyr Pygamowa birinji orny eýeledi.

Bäsleşikde Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Gözel Nazargylyjowa ikinji, Halaç etrabynyň «Garabekewül» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Çemen Hajyýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Welaýat häkimligi tarapyndan yglan edilen «Ussat pileçi» atly bäsleşikde ýokary netijeleri gazanyp, iň köp pile tabşyran etrapdyr daýhan birleşigi, ýüpekçi hem yglan edildi.

Bäsleşigiň şu görnüşi boýunça pile tabşyrmak baradaky meýilnamasyny 110,7 göterim berjaý eden Kerki etraby ýeňiji boldy.

Halaç etrabynyň «Soltanýazgala» daýhan birleşiginde pile tabşyrmak boýunça meýilnama 152,4 göterim berjaý edildi. Bu gazanylan ýokary görkeziji esasynda hojalyk «Öňdebaryjy daýhan birleşigi» diýlip yglan edildi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow düýn geçiren iş maslahatynda Lebap we Mary welaýatlarynyň ýüpekçilerini meýilnamany doly berjaý edenligi bilen gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň