Turkmenportal logo
24.05.22
14171417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tejendäki ýag kärhanasynda dört aýlyk meýilnama iki essä golaý berjaý edildi
Tejendäki ýag kärhanasynda dört aýlyk meýilnama iki essä golaý berjaý edildi

Tejen şäherinde ýerleşýän «Tejen» ösümlik ýag kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 6 million 109 müň manatlyga golaý önüm öndürildi.


Bu bolsa meýilnama 184 göterimden gowrak ýerine ýetirilendigini görkezýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.


Bu ýerde gowaça çigidiniň ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenmegi esasynda öndürilen ekologik taýdan arassa ösümlik ýagy ilat arasynda uly islege eýe bolup, önümler ilata söwda nokatlary arkaly amatly nyrhlardan bökdençsiz ýetirilýär.