Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow fransuz diplomaty bilen duşuşyk geçirdi

02:1224.05.2022
0
1266

23-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtýarly Ilçisi Izabel Ginel bilen duşuşdy.

TDIM-niň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada gyzyklanma barada pikir alşyldy. Olaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşler duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda Fransiýanyň häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň başlygy wezipesini eýeleýändigini nazarda tutup, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy hem-de fransuz Ilçisi Türkmenistan bilen ÝB-niň özara gatnaşyklaryna ikitaraplaýyn uzak möhletleýin gyzyklanmalara laýyk gelýän ähmiýetli we döredijilikli depgin berlendigini bellediler.

Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde: sebitleýin durnuklylygy we howpsuzlygy nukdaýnazaryndan syýasy-diplomatiki dialog; ykdysady, söwda, maýa goýum, şol sanda energetiki we ulag hyzmatdaşlygy; ekologiýa meselesi we beýleki ugurlar kesgitlenildi. Bu ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegi üçin ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Fransiýanyň Ilçisi Izabel Ginel yzygiderli häsiýetde iş gatnaşyklaryny saklamak babatynda ylalaşyk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň