Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda ýurduň teatr wekilleriniň, teatr toparlarynyň, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda «Türkmen teatr sungaty» festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, ir bilen Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky adyndaky Talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada «Türkmen teatr sungaty» atly festiwaly mynasybetli teatrlaşdyrylan edebi-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Soňra «Türkmen teatr sungaty» atly festiwala gatnaşyjylar dabaraly ýöriş bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna ugradylar. Olar ýol ugrunda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdiler, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň nakgaş eserlerini döredýän pursatlaryny synladylar.
Baş drama teatrynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň teatr sungatynda gazanylýan üstünlikleri çeper şöhlelendirýän wideoşekil görkezildi.
Festiwalyň açylmagy mynasybetli Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň Özbegistanyň, Täjigistanyň meşhur teatrlarynyň ýolbaşçylary we artistleri sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
21 – 25-nji maý aralygynda geçirilýän festiwalyň meýilnamasy ýaş hem-de uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen onlarça sahna eserlerini, şeýle-de teatr ugry boýunça kärdeşleriň hem-de ussatlaryň köpsanly duşuşyklaryny öz içine alýar. Festiwalyň çäklerinde şu gün Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Gyzyl alma», A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Ýürek söýgi küýseýär», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Nuhuň gämisi» atly sahna oýunlary görkeziler.