Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň Aziýanyň kubogyndaky ähli garşydaşlary belli boldy

12:2921.05.2022
0
5470

Şu ýylyň güýzünde Kuweýtde geçiriljek futzal boýunça Aziýanyň kubogynyň ähli gatnaşyjylary kesgitlenildi.

Gündogar sebitde geçirilen saýlama duşuşyklaryň netijesinde Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Taýwanyň ýygyndylary hem yklym ýaryşyna goşulmaga hukuk gazandylar.

Şeýlelikde, ýaryşa aşaky milli ýygyndylar gatnaşar.

Ýer eýesi: Kuweýt.

ASEAN sebitinden: Indoneziýa, Tailand, Wýetnam.

Gündogar sebitden: Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Taýwan.

Merkezi we Günorta sebitden: Eýran, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan.

Günbatar sebitden: Liwan, Saud Arabystany, Yrak, Bahreýn, Oman.

Yklym ýaryşy şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabryna çenli aralykda geçiriler. 25-nji maýda toparçalaýyn tapgyryň bijeleri çekiler.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy ýaryşa soňky 10 ýylyň içinde ilkinji gezek gatnaşýar. Türkmen futzalçylary umumylykda bolsa ýedinji gezek wekilçilik ederler. Mundan ozal olar 2005, 2006, 2007, 2008, 2010 we 2012-nji ýyllardaky Aziýanyň kuboklaryna gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň