Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen sürüji türgenleri «Ýüpek ýoly» ralli reýd ýaryşyna gatnaşarlar

17:4217.05.2022
0
7605

Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň hem-de Gazagystanyň sürüji türgenleri bütinleý Russiýa Federasiýasynyň çäginde geçiriljek «Ýüpek ýoly» ralli reýd ýaryşyna gatnaşarlar. Bu barada taslamany esaslandyryjy Wladimir Çaginiň sözlerine salgylanyp, «TASS» habarlar agentligi ýetirýär.

Ralli-reýd 6 — 16-njy iýul aralygynda geçiriler. Bu ýyl ýaryş Astrahanda başlanyp, Moskwada tamamlanar. 4380 kilometr aralyk ugry boýunça boljak ýaryş rus patyşasy Pýotr I-niň 350 ýyllyk ýubileý gününe bagyşlanar. Bellenilişi ýaly, ralli Demirgazyk Kawkazyň çäginde ilkinji gezek bolýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistan 2018-nji ýylda giň gerimli «Amul — Hazar» awtoralli ýaryşyny kabul edipdi. Onda ýaryşa dünýäniň 21 ýurdundan 83 ekipaž gatnaşdy. Ralli ýaryşynyň uzaklygy bolsa müň kilometrden gowrak aralygy öz içine aldy. Netijede, umumy hasap boýunça ýaryşda ispaniýaly Nani Roma ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň