Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Zemmhome» mebelleriň we öý harytlarynyň ikinji dükany açyldy

12:4017.05.2022
0
8853

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde premium derejeli «Zemmhome» mebelleriň we öý harytlarynyň täze dükany öz işine başlady. Bu dükan öýleri bezemäge giňden ýardam etjek harytlary özünde jemleýän «Zemmhome-iň» ikinji dükanydyr.

Söwda dükanynda ajaýyp aşhana enjamlaryny, şol sanda çaý we kofe gap-gaçlaryny, dürli ululykdaky gaplary we saçlary, çörek önümlerini bişirmek üçin niýetlenen gaplary, döwrebap aşhana üçin zerur bolan pyçaklary we beýleki gap-gaçlary tapmak bolýar.

«Zemmhome» dükanynyň çeper we özboluşly bezeg çemeleşmelerini dükanyň ýokary hilli çyralyklaryny we heýkellerini göreniňde hem bilmek bolýar.

Mundan başga-da, dükanda ýetirilýän ýokary hil derejesine eýe bolan, Türkiýäniň giň göwrümli «Özdilek» kärhanasynyň öndürýän dokma önümleri aýratyn ünsüňi çekýär.

«Zemmhome» dükany «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 0-njy gatynyň № 59А dükanynda ýerleşýär. Dükandan özüňize gerek bolan harytlar bilen +99365 50 10 34 telefon belgisi arkaly habarlaşyp gyzyklanyp bilersiňiz.

Geçen ýylyň ahyrynda Änew şäherçesinde household harytlaryny, has takygy mebelleri, halylary, aksessuarlary we öý bezeginiň beýleki harytlaryny özünde jemleýän birinji «Zemmhome» dükanynyň açylandygyny ýatladýarys.

Şeýle-de harytlary zemmhome.com saýtyndan onlaýn sargyt edip alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň