Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň we Belarussiýanyň kinostudiýalary bilelikde iki film surata düşürmekçi

12:2012.05.2022
0
886
Özbegistanyň we Belarussiýanyň kinostudiýalary bilelikde iki film surata düşürmekçi
Surat: kinopoisk.ru

Özbegistan we Belarussiýa uruş hakda bilelikde iki sany çeper filmi surata düşürer. Kinostudiýalar hyzmatdaşlyk barada geleşige baglaşdylar.

Filmleriň birinjisi “Aziýanyň ýolbarsy” («Азиатский лев») diýlip atlandyrylyp, onda Sowet Soýuzynyň Gahrymany Mamadali Topwyldaýew barada gürrüň berler. Ol uruş ýyllarynda aňtawçy-partizan bolup, faşistlere garşy söweşipdir.

Käbir maglumatlara görä, hut Adolf Gitleriň özi bu batyr esgeri ele salmak üçin lomaý pul sylagyny belläpdir.

“Özbek gyzy” atly ikinji filmde ýüzlerçe faşistleri ýok eden mergen özbek gyzy barada gürrüň berler, onuň prototipi hökmünde rowaýaty Zyba Ganiýewa saýlanyp alyndy. Bu barada MIR24 habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň