Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

12:2511.05.2022
0
2592

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana, ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarynydyr iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Katalin Nowaga hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Wengriýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň