29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer Ç.Pürçekow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabat şäheriniň häkimliginiň işine gözegçiligiň gowşadylandygyny aýtdy. Paýtagtda jemgyýetçilik awtoulaglary ýaramaz işleýär. Köp ýerlerdäki dürli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş işlerini geçirmeli. Seýilgählerde, köçelerde guran baglar hem köp. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere bir hepdäniň içinde bu ýagdaýy seljerip, munuň sebäpleri, meseläni nädip çözmelidigi barada hasabat bermegi tabşyrdy.