Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «John Deere» bilen şertnama baglaşýar

22:4422.04.2022
0
5299

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «John Deere Walldorf GmbH & Co.KG» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň