Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa çempionatynda çykyş etjek türkmen pälwanlary belli boldy

08:0022.04.2022
0
10799

Göreş boýunça Ulan-Bator şäherinde (Mongoliýa) geçirilýän Aziýanyň çempionatynda ýaryşjak Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümi belli boldy.

Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi synag ýaryşlarynyň netijesinde iň mynasyp türgenleri Mongoliýa alyp gitdi.

Türkmen pälwanlarynyň hatarynda Mekan Muhammedow (61 kilograma çenli), Kerim Hojakow (65 kilograma çenli), Perman Hommadow (70 kilograma çenli), Atamyrat Çarygulyýeew (74 kilograma çenli), Gurbanmyrat Öwezberdiýew (79 kilograma çenli), Döwletmyrat Orazgylyjow (86 kilograma çenli), Zyýamuhammet Saparow (97 kilograma çenli), Şatlyk Hemelýaýew (125 kilograma çenli) dagylar bar.

Erkin we grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty 19 ― 24-nji aprel aralygynda geçirilýär.

Çempionatyň erkin göreş boýunça ýaryşlaryna 10 agram derejesinde 100-den gowrak pälwan gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň