Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowy hatyralap agzaçar sadakasy berildi

22:1015.04.2022
0
13959

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda agzaçar sadakasyny berdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Agzaçar sadakasy Yzgant obasynyň Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde berildi.

Milli däp-dessurlara görä, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp berdi. Tebärekden soň, agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň, aýat-töwir okalyp, berlen agzaçar sadakasynyň Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň atasynyň bir ýyl mundan ozal, ýagny 2021-nji ýylyň 18-nji aprelinde aradan çykandygyny bellemek gerek. Şu ýylyň 18-nji aprelinde Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde agzaçar sadakasy berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň