Turkmenportal logo
14.04.22
62966296
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýaly ýaşaýjy 200 million ýewrolyk utuşyny tokaýlary goramaga gönükdirdi
Fransiýaly ýaşaýjy 200 million ýewrolyk utuşyny tokaýlary goramaga gönükdirdiSurat: kartinki24.ru

Fransiýaly ýaşaýjy lotereýadan utan 200 million ýewrosynyň ählisini diýen ýaly haýyr-sahawat işlerine gönükdirdi. Lenta.ru saýtynyň habar bermegine görä, fransiýaly bu utuşyny 2020-nji ýylyň dekabrynda EuroMillions lotereýasyndan gazanypdyr.


Utuşyndan soňky ilkinji beren interwýusynda ol gazanan pullaryny özüniň tokaýlary goramak we gaýtadan dikeltmek hem-de biodürlüligi gorap saklamak boýunça «Anyama» gaznasyny ösdürmek üçin sarp etmekçidigini beýan etdi.


Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ol gazanan pullarynyň agramly bölegini tokaýy goramak işlerine gönükdiripdir we galan serişdeleri hem yzygiderli bu işe sarp etmegi meýilleşdirýär.