Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji duşuşygyny Eýranyň «Fulady» bilen geçirer

12:5514.04.2022
0
4867

Türkmenistanyň «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji duşuşygyny şu gün Eýranyň «Fulad» topary bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 22:15-de başlanar.

«Fulad» futbol topary Eýranyň Huzestan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Ahwaza wekilçilik edýär. Topar 1971-nji ýylyň 2-nji martynda polat öndüriji kompaniýa bolan «Fulad Hozestan» tarapyndan döredildi. Häli-häzirler hem bu kompaniýa toparyň esasy hemaýatkäridir. «Fulad» öz meýdanyndaky duşuşyklaryny 30 müň 655 tomaşaça niýetlenen «Fulad Arenada» geçirýär. Topar häzirki wagtda Eýranyň Pro ligasynda ýaryşýar. Eýranly janköýerleriň arasyndaky meşhurlygy boýunça «Fulad» «Persepolisden», «Esteglaldan», «Traktordan» we «Sepahandan» soň bäşinji orundadyr.

«Fulad» taryhynda iki gezek ― 2004/05-nji we 2013/14-nji ýyllaryň möwsümlerinde Eýranyň çempiony boldy. Şeýle hem ol 2020/21-nji ýyllaryň möwsüminde Eýranyň kubogyny, geçen ýyl ýurduň Naýbaşy kubogyny gazandy.

Geçen möwsümde «Fulad» ýerli çempionatda altynjy orny eýelän hem bolsa, Hafzi kubogynda (Eýranyň kubogy ugrundaky ýaryş şeýle atlandyrylýar) ýeňiş gazanandygy sebäpli, AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

«Transfermarkt» toparyň oýunçylarynyň umumy bahasynyň 8,95 million ýewro ýetýändigini ýazýar. «Fuladyň» düzüminde malili goragçy Mussa Koulibaly, ispaniýaly ýarym goragçy Ibai Gomez Perez, Günorta Afrikaly hüjümçi Aýanda Patosi we braziliýaly hüjümçi Çimba ýaly daşary ýurtly futbolçylar bar.

«Fulada» 2019-njy ýyldan bäri eýranly hünärmen Jawad Nekunam tälim berýär. Ol Eýranyň milli ýygyndysynda iň köp duşuşyk geçiren (149 oýun) ozalky futbolçydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň