Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi

16:4511.04.2022
0
5012

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, kompozitoryň döredijilik agşamy Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen «Türkmen binasy» diýen meşhur eseriniň ýerine ýetirilmegi bilen başlady. Bu aýdym Iki horuň hem-de tenor sesli aýdymçy Röwşen Baýramowyň ýerine ýetirmeginde dabara gatnaşyjylara hödürlendi.

Soňra Suhan Tüýliýewiň ýerine ýetirilen «Pendi nagmalary», «Ezizim» diýen we beýleki eserleri diňleýjilere türkmen topragynyň ertekilerdäki ýaly ajaýypdygy barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda görkezilen wideoşekillerde Hazaryň tolkunlarynyň üstünden uçup göçýän guşlaryň uçuşy, goýny al-ýaşyl güläleklere beslenen aňyrsy görünmeýän sähralyklar, dag çeşmeleriniň şildiräp akýan suwy, köpürjikli dag şarlawuklary beýan edildi, suratkeşleriň eserlerinde şekillendirilen türkmen zenanlarynyň gözelligi aýratyn orun eýeledi.

Konsert A.Atabaýewiň sözlerine döredilen «Döwletli Döwran geldi» diýen meşhur kontatanyň ýaňlanmagy bilen tamamlandy. Ol ýerine ýetirilende simfoniki orkestre horuň hem-de aýdymçy Röwşen Baýramowyň çykyşlary, şeýle hem gargy tüýdügiň (Wepa Ödäýew) we gopuzyň (Baýramgül Ahmedowa) owazy goşuldy. Bu saz eseri ýaňlananda, zalyň içi, konsertiň açylyşynda bolşy ýaly, ýene-de joşgunly dabaraly owaza doldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň