Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionaty - 2022-däki ilkinji ýeňşini gazandy

20:3707.04.2022
0
12685
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionaty - 2022-däki ilkinji ýeňşini gazandy

Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýwanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşyk 4:2 (0:2, 3:0, 1:0) hasabynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmen milli ýygyndysynyň düzüminde Begenç Döwletmyradow, Arslan Amanow, Pawel Barkowskiý we Aleksandr Wahowskiý tapawutlandy. Netijede ildeşlerimiz dört utuk toplap, toparçada üçünji orna çykdy. Üçünji gezek ýeňlişe sezewar bolan Taýwanyň ýygyndysy soňky orunda durýar.

Häzirki wagtda toparçadaky utuk netijesi boýunça toparlar şeýle ýagdaýda ýerleşýär:

BAE - 9 utuk, Türkiýe - 6 utuk, Türkmenistan - 4 utuk, Lýuksemburg - 2 utuk, Taýwan - 0 utuk.

Şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da Birleşen Arap Emirlikleriniň we Lýuksemburgyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolar.

Toparçanyň jemleýji oýnunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Türkiýe bilen oýnar. Duşuşyk 8-nji aprelde sagat 18:30-da başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň