Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumy synag hökmünde gülýüpek matasyny öndürdi. Gelin-gyzlar üçin niýetlenilen ýokary hilli köýneklik matasynyň düzümi 60 göterim wikson, 40 göterim kupra sapaklaryndan ybarat bolup, ol ýuka, galyň görnüşdedir. Ini 1,5 metre deň bolan gülýüpek matalary garyşyk gyzyl, ýaşyl, gök, goňur ýaly reňklerde synag hökmünde öndürildi. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumynda ýokary hilli, dürli görnüşdäki gabardin, kreton, flanel, panam, ranforse, poplin, ştapel, ştapel atlas görnüşleri, mundan başga-da «Ýeňiş» tikin fabriginde tikilýan klassyky köýnekleriň matalary hem öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän matalar daşary ýurtlara hem eksport edilýär.