Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgençli zenan ekin meýdanyndan simap saklamak üçin gaplary tapdy

09:3025.03.2022
0
18301

«Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Daşmetjit medresesiniň gadymy jaýyndaky halk senetleri muzeýiniň gymmatlyklaryny artdyrmaga ýerli ilat hem işjeň gatnaşýar. Ýerli ilatyň muzeýe peşgeş beren soňky arheologik tapyndylarynyň arasynda degirmen we simap saklamak üçin gaplar bar. Hünärmenleriň gelen netijesine görä, olaryň orta asyrlara degişlidigi mälim edildi. Degirmen muzeýe berilýänçä bir maşgalada taryhy gymmatlyk hökmünde saklanan bolsa, gadym döwürlerde lukmançylykda we zergärlikde simap saklamak üçin ulanylan gaby Köneürgenç etrabynyň daýhan birleşikleriniň birinde ýaşaýan zenan ekin meýdanynda işläp ýörkä tapypdyr.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda halk senetleri muzeýiniň gorunda dürli eksponatlaryň ýedi müňden gowragy bar. Olaryň iň gadymylary miladydan öňki V-IV asyrlara degişlidir. Bu ýerde türkmenleriň çeper döredijilk we ýörgünli senetçilik önümçiligine degişli üýtgeşik etnografik materiallar hem bar. Muzeýiň işgärleri Daşoguz welaýatynyň dürli künjeginde bolup, olar orta asyrlara degişli küýzegärçiliik önümleriniň bölekleri, dürli iş gurallarynyň demir bölekleri, ysyrgalar, ýazgyly ýüzükler, möhür galyndylary we beýleki zatlary ýygnadylar, şeýle-de ol gymmatlyklaryň birnäçesini ýerli ýaşaýjylar muzeýe peşgeş berdiler.

Muzeýde özboluşly taryhy gymmatlyklaryň arasynda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň nepis el haly portretiniň bardygyny hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň