Soňky habarlar

Arhiw

Bir baldakda 1200 pomidor ýetişdirdi

13:3020.03.2022
0
3362

Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy bir baldakda ýetişdirilen pomidorlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär diýip, MIR24 ýazýar.

Hartfordşirden bolan Duglas Smit öz bakjasynda birbada 1269 sany çerri pomidory düwen baldagy gördi. Ol mundan birnäçe hepde öň şahsy rekordyny täzeledi, şonda onuň bakjasynda bir baldakda 839 sany pomidor düwüpdi.

Mundan öňki rekord on ýyllap bir baldakda 488 pomidor bilen saklanyp gelipdi.

Duglas Smit bu netijäni gazanmak üçin ylmy kitaplary köp okandygyny, topragyň seljermesini geçirendigini we öz usulyny işläp düzendigini gürrüň berdi.

Smitiň bakjasy öýüniň ýeňse tarapynda ýerleşýär, bakjaçy bu ýerde hepdede dört sagadyny ekinlere idi-yssywat etmäge sarp edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň