Turkmenportal logo
18.03.22
14061406
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Foto: ria.ru

Eýranda düýn irden güýji 6,0 derejä deň bolan ýertitreme boldy, bu barada Tasnim habarlar gullugy habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.


Seýsmologlaryň maglumatlaryna görä, tebigy hadysa ýerli wagt bilen sagat 02:45-de ýurduň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň Bender-e-Lengeh şäherinden demirgazyk-günbatarda 58 kilometrlikde bolup geçdi.


Habarçylar ýerasty sarsgynlaryň güýçli bolandygyny, ony hatda Dubaýyň hem ýaşaýjylarynyň duýandyklaryny ýazýarlar.


Ýeri gelende aýtsak, munuň öňýany Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogarynda hem güýji 7,3 balla deň bolan ýertitreme hasaba alyndy. Soňky maglumatlara görä, onuň üç adam pidasy boldy, 126 adam ejir çekdi.