Soňky habarlar

Arhiw

Mihail Mişustin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

13:5016.03.2022
0
4573
Mihail Mişustin Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy başaran Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi. Gutlag «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Onda şeýle setirler bar.

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda-ykdysady, maýa goýum, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Energetika, senagat düzümlerinde we beýleki ulgamlarda özara bähbitli iri taslamalar amala aşyrylýar.

Hökümet ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, iş ýüzünde goşulyşmagyň giňeldilmegi, sebitara hem-de işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly kybap gelýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň