Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen Prezident saýlawlaryna gatnaşdy

10:4912.03.2022
0
19354
Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen Prezident saýlawlaryna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ejesi bilen bilelikde şu gün geçirilýän Prezident saýlawlaryna gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň TASS habar gullugy habar berýär.

Ir bilen türkmen Lideri Aşgabat şäherindäki Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna baryp, ol ýerde raýatlyk borjuny berjaý etdi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen Serdar Berdimuhamedow hem bu saýlaw uçastogynda ses berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti saýlaw uçastogynda Prezident saýlawlaryny beýan edýän habar beriş serişdeleriniň wekilleri, milli we halkara synçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň soraglaryna jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň