Turkmenportal logo
10.03.22
1655916559
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkhowaýollary» Türkmenbaşa ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär
«Türkhowaýollary» Türkmenbaşa ýörite uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär

2022-nji ýylyň 14-nji martynda Türkiýäniň «Türkhowaýollary» kompaniýasy tarapyndan Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.


Dünýäde ýüze çykan güýçli pandemiýa sebäpli beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.


Soňky gezek, Türkmenistandan Türkiýä ýörite howa gatnawy 2022-nji ýylyň 9-nji martynda amala aşyryldy.