Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde duşuşyklary geçirdiler

15:0505.03.2022
0
8103

Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy R.Baýramow duşuşygy açyp, 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyrynyň — saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň ähmiýetini nygtady.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ç.Sylabowa söz berildi. Ol saýlawçylary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony pespäl, hojalykçy, watansöýüji we işine jogapkärçilikli çemeleşýän adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär mähirli garşy alnandygyna hoşallyk bildirip, Mary welaýatynyň saýlawçylaryny saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

H.Nunnaýew bu wezipä saýlanan ýagdaýynda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, ykdysady kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasatyny mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy geljekki 30 ýylda ösdürmek boýunça belent maksatlary kesgitledi.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýatlaryny pugtalandyrmak, parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalar ediler.

Dalaşgär geljekde-de paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda, şol sanda Mary welaýatynda döwrebap edara ediş binalarynyň, ýaşaýyş toplumlarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, söwda we medeni-dynç alyş merkezleriniň gurluşygynyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

H.Nunnaýew bellenen ugurlarda alyp barjak işlerine has içgin gyzyklanan saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga, sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtamak bilen, bu babatda geljekde hem ähli şertleriň we degişli düzümleriň dörediljekdigini aýtdy. Ýaşlar barada alada, pederlerimizden miras galan ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenen bilimli, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek ileri tutulýan wezipe bolmagynda galar.

Dalaşgär çykyşynyň ahyrynda, ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, bildirilen ýokary ynamy ödemäge çalyşjakdygyna hem-de öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ähli güýjüni, biliminidir tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji S.Atamyradow açdy.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy M.Orazberdiýew ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy hem-de ony işine jogapkärçilikli çemeleşýän, maksada okgunly, dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda alnyp barylýan daşary syýasatymyza laýyklykda, dünýäniň dürli döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler dowam etdiriler.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ýurdumyzyň içeri syýasaty barada aýdyp, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şu günki we geljekki nesilleriň bähbidine ýurdumyzyň ägirt uly tebigy hem-de ykdysady kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy meýilleşdirýändigini belledi.

Ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Bu gün biziň esasy wezipämiz ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny innowasion esasda sazlaşykly ösdürmekden, halkymyzyň rowaçlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, M.Öwezgeldiýew nygtady.

Dalaşgär milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini geljekki işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, ykdysady kuwwatyň esasy pudaklarynyň, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika toplumynyň, mineral serişdeleri gaýtadan işleýän ulgamyň, energetikanyň, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň, oba hojalygyň, söwdanyň we syýahatçylygyň sazlaşykly ösdürilmeginiň hasabyna pugtalandyryljakdygyny belledi.

Azyk bolçulygyny üpjün etmek, daýhanlaryň bol hasyl almagy üçin şertleri döretmek, elýeterli bahadan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerini halka ýetirmek hem esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Soňra dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna giňişleýin jogap berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmagyň her bir türkmenistanlynyň möhüm wezipesidigini nygtady.

M.Öwezgeldiýew duşuşyga gatnaşyjylara gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de olary milli demokratiýanyň däplerine eýerilip, 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna işjeň gatnaşmaga we dalaşgärleriň iň mynasybyna öz seslerini bermäge çagyrdy.

***

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygy “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy G.Durdyýew açdy.

Soňra dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäherindäki 28-nji orta mekdebiň direktory Ý.Ýagmyrowa söz berildi. Ol ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

P.Begenjow guramaçylyk ukyplaryny we öňde goýlan wezipeleri çözmekde ýokary hünär derejesini görkezen gujurly, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçy bolmak bilen bir hatarda hojalykçy adam hökmünde häsiýetlendirildi.

Dalaşgär günbatar sebitiň saýlawçylaryna duşuşyga gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirip, olary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy hem-de bu wezipä saýlanan halatynda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan düýpli özgertmeler syýasatyny mynasyp dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan özygtyýarly ösüşiniň 30 ýylynda dünýäniň köp ýurtlaryndan ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüş depginleri boýunça öňe geçmegi başardy, saglygy goraýyş, bilim, ylym ýaly, durmuş ähmiýetli ulgamlarda uly üstünlikleri gazandy, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — aýry-aýry döwletler bilen bolşy ýaly, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýdy.

Geljekde döwlet maksatnamalarynda, şol sanda ýakynda kabul edilen Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça uly işler amala aşyrylar.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek, telekeçiligi goldamak, milli medeniýeti we sungaty ösdürmek, umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna saldamly goşant goşan türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça anyk ädimler ädiler.

Duşuşygyň dowamynda dalaşgär saýlawçylaryň Balkan welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly känlerini özleşdirmek, döwrebap ulag düzümini, hususan-da, port düzümini kemala getirmek, şeýle hem şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak baradaky sowallaryna jogap berdi.

Deňizýaka sebitiň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň we täze iş orunlaryny döretmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. P.Begenjow üstüne alýan jogapkärçiligine doly düşünýändigini belläp, ähli tagallasyny hem-de tejribesini ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine gönükdirjekdigine ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

Duşuşugy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň esasy hünärmeni G.Abdylweliýewa açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Döwlet energetika institutynyň energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji D.Agajanowa söz berdi. Ol K.Saryýewi başlangyçlar bilen çykyş edýän, sowatly ýolbaşçy, uly abraýdan peýdalanýan, dogruçyl adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, özenini “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar düzýän giň gerimli özgertmeleri hemmetaraplaýyn giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy maksat edinýändigini nygtady.

K.Saryýew ýygnananlary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etjek, halkara abraýyny has-da belende galdyrjak, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrjak wezipeleriň birnäçesini belledi. Bular, ilkinji nobatda, esasy pudaklaryň — nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa toplumlaryny depginli ösdürmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti pugtalandyrmakdan, sebitleri senagat taýdan ösdürmekden, olaryň hünärmen we ylym kuwwatyny berkitmekden ybaratdyr.

Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak bilen baglanyşyklylykda orta we hünär bilimi ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berler.

Dalaşgär döwletimiziň durmuş ugurly içeri we daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de anyk işleriň edilmegini zerur hasaplaýandygyny nygtady. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylaryň oba ýerlerini mundan beýläk-de özgertmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, sebitlerde ýöriteleşdirilen kärhanalaryň ulgamyny ösdürmek we täze iş orunlaryny döretmek baradaky sowallaryna jogap bermek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir bölümlerini has giňişleýin beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär K.Saryýew ýygnananlara söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, halkymyzyň uly rowaçlyk gazanmagynyň we ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagynyň bähbidine ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň