«Huawei» kompaniýasy klawiaturaly hem-de Windows 11 operasion ulgamynda işleýän kiçi göwrümli planşetini köpçülige tanyşdyrdy.
Hem planşet, hem noutbuk görnüşinde ulanyp bolýan bu Matebook E kysmynyň ölçegi 12,6 dýuýma, ekranynyň giňligi bolsa 2560x1600 piksele deň bolup, ol 8 megapiksellik öňki hem-de 13 megapiksellik yzky kamera bilen üpjün edilendir. Enjamyň esasynda Intel Core-yň i3, i5 we i7 nesilleri, şeýle-de, Iris XE grafik çipi durýar. Matebook E Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.1 aýratynlyklaryna hem eýedir.
Täze enjamyň bahasy kysmyna görä üýtgäp, ol 649 ýewrolyk Intel Core i3 we 8/128 GB ýady bolan enjamdan başlaýar hem-de bahasy 1399 ýewro bolan Intel Core i7 hem-de 16/512 GB ýatly kysmyň bahasyna çenli dowam edýär. Bu barada ferra.ru saýtynda habar berilýär.