Turkmenportal logo
17.02.22
14161416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şa aýalynyň aýaklary diýen etmän başlady

Togsan bäş ýaşly britan şa aýaly Ýelizaweta II-niň aýaklary diýen etmän başlady, bu barada ýurduň «Daily Mail» neşiri habar berdi diýip, RENTW habar berýär.


Şu hepdäniň çarşenbe güni Windzor köşgünde tabynyň nähilidigi baradaky sowala şa aýaly aýaklarynyň diýen etmejek bolýandygyndan nägilelik bildiripdir.


Neşir şa aýalynyň: «Görýäňizmi, men ýerimden gozganyp bilemok» diýen sözlerini getirýär.


Çeşmeler şa aýalyna hatda hasaly ýöremegiň hem kyn düşýändigini tassyklaýarlar, munuň sebäbiniň Ýelizaweta II-niň garrylyk saly bilen baglydygy aýdylýar.