Taýlandyň paýtagty adyny üýtgeder

13:1417.02.2022
0
5253

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Taýlandyň Patyşalyk jemgyýeti (ORST) Bangkok şäheriniň adynyň Krung Thep Maha Nakhon diýlip üýtgediljekdigini habar berdi, ol taý dilinde «Perişdeleriň şäheri Beýik Paýtagt» diýmegi aňladýar diýip, «Bangkok Post» gazeti ýazýar.

Sosial ulgamlarda bu çözgüt tankyda duçar bolanyndan soň, ORST şäheriň öňki adynyň gadagan edilmeýändigini, onuň täze atdan soň ýaýyň içinde görkeziljekdigini habar berdi.

Hökümet 15-nji fewralda bu kanun taslamasyny premýer-ministriň edarasynda kabul etdi, täze adyň ähli kanun taslamalaryny barlaýan ýörite geňeş tarapyndan makullanylandan soňra güýje girjekdigi habar berilýär.

Kanun taslamasy Patyşalygyň ady tutulan jemgyýetiniň ýurduň, çäkleriň, edara birlikleriniň we şäherleriniň adyna we onuň takyk ýazylyşyna garaýan komiteti tarapyndan teklip edilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň