Turkmenportal logo
15.02.22
31143114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Ştaýnmaýere gutlag hatyny iberdi
Berdimuhamedow Ştaýnmaýere gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.


«Biz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris» diýip, türkmen Lideri Gutlag hatynda belledi we geljekde bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýere berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.