Turkmenportal logo
09.02.22
84298429
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Raşid Meredow Ysraýylyň syýahatçylyk ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Raşid Meredow Ysraýylyň syýahatçylyk ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

9-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.