Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi

23:0803.02.2022
0
7290

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Döwlet Baştutany täze gol çeken Resminamasyna laýyklykda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek, şeýle-de «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2019-njy ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 966-njy maddasy) ikinji we üçünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek, şeýle hem Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň