“Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasy bilelikde awtobuslaryň ugurlary we duralgalary barada maglumatlary ýolagçylara onlaýn görnüşde ýeňilleşdirip bermek maksady bilen “Duralga” atly täze ykjam goşundysyny işläp taýýarladylar.
“Duralga” ykjam goşundysynda birnäçe amatlyklar göz öňünde tutulyp, olardan awtobus ugurlarynyň belgisini ýa-da islendik duralgasyny adyna görä gözlemek, ugurlaryň çyzgysyny interaktiw görnüşde almak, şeýle-de ugurlaryň başlangyç ýa-da ahyrky nokatlaryny görkezmek arkaly gözleg etmek ýaly mümkinçilikleri bellemek bolar.
Şeýle-de, “Duralga” ykjam programmasynda awtobuslar ýa-da olaryň ugurlary baradaky täzeliklerden, bildirişlerden öz wagtynda habarly bolmak şertleri nazarda tutulandyr. Bu ulgamda islendik täzelik ýa-da üýtgeşme bolan ýagdaýynda ýolagçylaryň ykjam programmasyna dessine bildirişleri ugratmak mümkinçiligi ýola goýlan.
“Duralga” ykjam programmasynyň esasy aýratynlygy bolsa, islendik saýlanan ugurdaky awtobuslaryň hereketlerini ýörite GPS tehnologiýaly onlaýn yzarlamak mümkinçiligidir. Ýagny, ýolagçy kartada öz ýerleşýän ýerine görä awtobuslaryň hereketleri barada şol wagtky maglumatlary alar.
Geljekde şäheriçi awtobuslaryň ýolagçylara berýän hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek we ýeňilleşdirmek maksatly “Duralga” ykjam programmasynyň ýerine ýetirýän amallaryny has-da baýlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Mysal üçin, “Duralga” ykjam programmasynda islendik awtobusyň üstüne basylanda ýolagçynyň ýerleşýän nokadyna görä şol awtobusyň takmynan näçe wagtda geljegini görkezmek, ýolagçynyň barmak isleýän islendik nokadyny kartada saýlamak bilen programmanyň ýörite algoritm esasynda taýýarlan netijelerini öwrenmek ýaly amallaryň üstünde işlenilýär.
Häzirki wagtda “Duralga” ykjam goşundysynyň Android operasion ulgamy üçin niýetlenen görnüşlerini internet dükanlaryndan tapyp we ýükläp alyp bilersiňiz.