Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Azerbaýjan «Dostluk» ýatagyny özleşdirmek boýunça dördünji mejlisi geçirdi

18:3527.01.2022
0
10235

27-nji ýanwarda «Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we ylalaşmak boýunça Bilelikdäki iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga iş toparynyň türkmen we azerbaýjan taraplarynyň agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda Iş toparynyň bilelikdäki başlyklary çykyş etdiler, Bilermenler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli maglumatlary diňlenildi, şeýle-de bilelikdäki Iş toparynyň dördünji mejlisiniň teswirnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler taraplaryň bilelikdäki işinde gazanylan öňe gidişlikleri kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şu günki ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar, şeýle-de Bilelikdäki ylalaşygyň degişli goşundylarynyň tiz wagtda ylalaşylmagy babatynda özara düşünişdiler.

Bilermenler toparyna geljekki potratçy-maýadaryň gyzyklanmalaryna dahylly bolan degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagy hem-de ylalaşylmagy bilen bagly bolan hereketleriň işjeňleşdirilmegi tabşyryldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň