Berdimuhamedow: «Pekin ― 2022 sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüler»

22:2525.01.2022
0
5124

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde eden çykyşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýüzlenip, örän ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryny geçirjekdigini aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutany bu oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine, bütin dünýäniň millionlarça adamlary üçin hakyky sport, parahatçylyk we dostluk baýramyna öwrüljekdigine ynam bildirip, hytaýly dostlarymyza bu Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi we ähli hytaý halkyny bu uly waka bilen gutlady.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Oýunlar 4-nji fewralda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň