Soňky habarlar

Arhiw

Seýis Orazmyrat Annalyýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşykdan galan täsirlerini paýlaşdy

11:3520.01.2022
0
3614

Mälim bolşy ýaly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň seýsi Orazmyrat Annalyýew bilen duşuşdy. Ussat seýsiň döwletli maşgalasy Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Şatlykly wakanyň yzysüre gürrüňi edilýän seýis özünde galan täsirlerini «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy bilen paýlaşdy.

— Hormatly Prezidentimize täze dünýä inen taýçanak barada gürrüň berdim. Döwlet Baştutanymyzyň meşhur Pereňiň nesil ugruna degişli, Gözbaş we Keýkilhan atly bedewlerden bolan taýçanaga Zaman diýip at goýup, boýnuna mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakmagy şatlygymy goşalandyryp, göwün guşumy ganatlandyrdy. Bu pursat bedewlere we kärime söýgimi has-da artdyrdy — diýip, ussat seýis sözüni dowam etdi: — Özüm çagalykdan behişdi bedewlerimiziň janköýeri. Mekdepde okaýan döwürlerim obamyzdaky — Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky athana gatnap başladym. Ol ýerde atlara edilýän ideg we seýislemek işi atçylyga höwesimi has-da artdyrdy. 1993-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň halk atşynasy Baýramgeldi Hydyrowyň ýanyna gatnap, halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, atlara ideg etmek we olary seýislemek boýunça tejribe topladym. 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda zähmet çekip gelýärin. Bedewleri idetmegiň, seýislemegiň, ýaryşlara taýýarlamagyň usullaryny ýaşlara hem yzygiderli öwredýärin. Ykbalymy bu asylly käre baglandygyma örän begenýärin, buýsanýaryn.

Ussat seýis döwletli ojagyň, bagtyýar maşgalanyň eýesi, iki gyz, iki ogul perzendiň atasy. Gelni Aýgül, gyzy Gülnar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda zähmet çekýärler. Uly ogly Mälikguly okuwdan boş wagtlary kakasynyň ýanyna baryp, at çapmagyň, seýislemegiň usullaryny yzygiderli öwrenýändigini, geljekde atşynas bolmagyň arzuwyndadygyny buýsanç bilen aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň