Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda TOPH boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçiriler

18:0314.01.2022
0
954

Türkmenistanyň çakylygy boýunça Aşgabatda owgan wekilleri bilen gepleşikler geçiriler. Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti bilen geçiriljek gepleşikleriň barşynda taraplar söwda, energetika we TOPH halkara gaz geçirijisini netijeli durmuşa geçirmek bilen bagly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

«Türkmenportal-yň» ozal habar berşi ýaly, 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde, owgan Hökümeti bilen ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlaryna seredip geçdiler. Taraplar derwaýys ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň depgininiň işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berdiler. Bu ugurda iki ýurduň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň hem-de Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň gurluşygynyň has hem ilerledilmegine taýýardyklary beýan edildi.

Türkmen wekiliýetiniň Owganystana saparynyň netijeleri boýunça žurnalistler bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Owganystanyň magdanlar we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ikinji ýarymynda badalga beriljekdigini aýtdy.

Ýatlatsak, TOPH-nyň taryhy 2010-njy ýylda başlandy. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Gazgeçiriji baradaky çarçuwaly şertnama we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek baradaky hökümetara ylalaşyga gol çekildi.

Bäş ýyl soň, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylary onuň gurluşygynyň düýbüni tutdular. TOPH transmilli gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1800 km bolar. Ol Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky “Galkynyş” käninden Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kwetta we Multan şäherlerinden geçip Hindistanyň Penjap welaýatyna baryp ýeter. Gaz geçirijisiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre deň.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň